ýaman 1 sypat

  1. Islenýän talaby ödemeýän, kanagatlanarly bolmadyk, gowy däl, erbet, pis.

    • «Ýaman ýerde gaý tutdy» diýenleri boldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Ýeri Ata, pluglaryň ýaman işleýärmi? -- diýip sorady. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

    • Ýamandan boýnuňy satyn al. (nakyl)

  2. Örän, gaty, juda, hetdenaşa, has.

    • Munuň aty ýaman satanlak görünýär. («Görogly» eposy)

horluk ýamanyny görmek

seret horluk

  • Şol horluk ýamanyny gören üç sany gyzyl esgeri hem şu sebäpli horlaýardylar. (A. Gowşudow, Eserler)

ýaman ada goýmazlyk

seret at 2

  • Özüni ýaman ada goýmajak bolsa, kölüň suwuny bir ýaňa çekdiriwersin! («Tokmak» žurnaly)

ýaman öwrenmek

seret öwrenmek

  • Ol bu ýerik gelmäge ýaman öwrenipdir.

ýamandan boýuňy satyn almak

Erbet adamdan gaçmak, başyňy gutarmak.

  • «Ýamandan boýuňy satyn al» diýlendir. Ony öz ugruna goýbermekden başga çäre ýokdur. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • «Ýamandan boýnuňy satyn al» diýipdirler, üzäýmek gerek, başga alaç ýok! -- diýdi. (A. Gowşudow, Eserler)

ýaman 2

Weterinariýa Düýäniň hamynyň ýuka ýerleriniň çişme keseli.


Duş gelýän formalary
  • ýaman-da
  • ýamana
  • ýamanam
  • ýamandan
  • ýamandy
  • ýamandygyny
  • ýamandyr
  • ýamanja
  • ýamanlar
  • ýamanlary
  • ýamanlyga
  • ýamanlygam
  • ýamanlygy
  • ýamanlygym
  • ýamanlygymyz
  • ýamanlygymyza
  • ýamanlygynam
  • ýamanlygynda
  • ýamanlygyndadyr
  • ýamanlygyny
  • ýamanlygynyň
  • ýamanlygyň
  • ýamanlyk
  • ýamanlykda
  • ýamanlykdan
  • ýamanlykmy
  • ýamanmy
  • ýamany
  • ýamany-da
  • ýamanyn
  • ýamanyna
  • ýamanyndan
  • ýamanyny
  • ýamanyň
  • ýamanyňky
  • ýamanyňy