Ýaranjaňlyk etmeklik, ýaranyp gün görjek bolmaklyk, ýaranjaňlyk.
Ýalynjalygyň ýeri däldi, gatyrak degse şerebesini pürkjekdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Eýsem-de bolsa, peýda eder umydy bilen ýalynjalyk etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýalynjalyk - ýalynjalygy.