ýalyn ýa‧lyn at

Ýiti howurly çabrap duran ot, ot ýananda çabrap çykýan ýagty beriji gaz.

  • Tamdyrlaryň agzyndan ýalynlar çabrap galýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli sese başlanýan goşulma goşulanda, ikinji bogundaky dar y çekimlisi düşürilip ýazylýar.

Meselem ýalyn - ýalny.

iki ýalyn arasynda galmak

Iki sany bela, derde duçar bolmak.

  • Dursun iki ýalyn arasynda galdy. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

ýürekde ýalyn goýmak

seret ýürek 1

  • Ýüregimde goýduň ýalyn, Meni diri ýakdy çatma. (Durdy Gylyç, Goşgular)


Duş gelýän formalary
  • ýalna
  • ýalny
  • ýalnyna
  • ýalnynda
  • ýalnyndan
  • ýalnyny
  • ýalnynyň
  • ýalnyň
  • ýalnyňa
  • ýalyndadyr
  • ýalyndan
  • ýalyndy
  • ýalyndyr
  • ýalynja
  • ýalynlar
  • ýalynlary
  • ýalynly
  • ýalynlydy
  • ýalynmy
  • ýalynsyz