ýaltalyk ýal‧ta‧lyk

Ýaltanyň ýagdaýy, iş ýakmazlyk, işlemegi söýmezlik, temmellik.

  • Emma Wepada bir hili tukatlyk, köp ýatmak ýaly häsiýetler peýda bolupdyr. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Gel dost, ikimiz hem işläli, ýaltalygy taşlaly! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýaltalyk - ýaltalygy.


Duş gelýän formalary
  • ýaltalygy
  • ýaltalygyny
  • ýaltalygyň
  • ýaltalygyňdan
  • ýaltalykdan
  • ýaltalykdyr