Bir zat hakda haýyş edip, birine ýüz tutmak, birinden bir zady sorap, haýyş etmek.
Olar şeýle! -- diýip, başga ýalbarmaga we ýaňky boluşlaryndan ötünç soramaga durdular. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Jan Annaguly, maňa-da ýekeje ýola atdyrsana! -- diýip ýalbardy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Hatda bir gün däl, iki gün däl, üç-dört günläp ýaka tutup ýalbaryp, öwran-öwran teklip etdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Merde ýalbarsaň-peseler, namarda ýalbarsaň-eseler. (nakyl)