Çyn däl, aldawy bar bolan, galp, nädogry.
Ähli hakykaty hem-de ähli ýalany bilmek gerekdir. (M. Gorkiý, Ene)
Sözüňde bolmasyn ýalan, Hakykatçy bolgun, inim! (Ata Salyh, Saýlanan eserler)
Ýalan wada beren eken-ow, men bolsa oňa ynandym! (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Ýalan sözleseň-tutularsyň, düz sözleseň-gutularsyň. (nakyl)
Puja çykarmak, hakykata dogry gelmeýändigini äşgär etmek.