Işde, bir hereketde bilmezlikden edilen nädogrulyk.
Emma Täzegülüň özi bu işlere baş goşmak bilen ýalňyşlyk goýbermeli däldir. (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy)
Köpçüligiň öňünde ýalňyşlyk etmäge utanman, ol hakda aýdylanda utanýarmyň? (B. Pürliýew, Ikinji gün)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýalňyşlyk - ýalňyşlygy.