ýakynlyk ýa‧kyn‧lyk

[ýaky:nlyk]

  1. Daş dällik, ýakyn aralykda bolmaklyk, golaýlyk.

    • Ol aýazyň ýakynlygyny aňladýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

    • Emma kolhozçylar özleriniň şähere ýakynlyklaryny kilometr ölçegi bilen hasaplamaýarlar. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  2. Ýakyn hossarlyk, garyndaşlyk.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýakynlyk - ýakynlygy.


Duş gelýän formalary
  • ýakynlyga
  • ýakynlygy
  • ýakynlygydyr
  • ýakynlygymyz
  • ýakynlygyn
  • ýakynlygyna
  • ýakynlygyndadyr
  • ýakynlygyndan
  • ýakynlygyndanmy
  • ýakynlygyny
  • ýakynlygynyň
  • ýakynlygynyňam
  • ýakynlygyň
  • ýakynlygyňdan
  • ýakynlygyňy
  • ýakynlykda
  • ýakynlyklaryny
  • ýakynlykmy