[ýaky:nlatmak]
Ýakynlap başlamak, golaýlap başlamak, golaýlaşmak.
Şol mahal oglanjyk elindäki pökgini özlerine ýakynlaşyp barýan Mährä zyňdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Jarçy atly aýlanýan bolara çemeli, onuň sesi barha ýakynlaşýardy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Daňataryň çagyrylmaly güni ýakynlaşdy. («Bahar»)
Ýakyn aragatnaşykda bolup başlamak, dostlaşmak.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýakynlatmak - ýakynladýar, ýakynladar, ýakynladypdyr.