[ýaky:n]
Uzak bolmadyk, daş bolmadyk, golaý.
Az wagtdan soň ýüzüni galdyryp, ýakyn goňşulary Dürnabatlaryň howlusyna seretdi. (B. Gurbanow, Duşuşyk)
Golaý aragatnaşykda bolan, ysnaşykly, ýürekdeş.
Myralynyň atasy onuň ýakyn hyzmatkärlerinden biri ekeni. (Myraly)
Ol öz ýakyn adamlarynyň ýanynda begenjini gizlemän gürrüň etdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Baglanyşygy bolan, baglanyşykly.
Tirkeş atlar iki sany biri-birine ýakyn manyly atlardan hem düşülýärler.
Çemeli, möçber golaý.
Dost-ýar, garyndaş.
Ol özüni keseki gözlerden däl, hatda öz ýakynlaryndan-da gizlemäge çalyşýardy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)