Ýakymly bolmadyk, lezzetsiz, mazasyz, hözirsiz.
Erbet, ýaman, ýaramaz.
Emma weli, Günüň gyzgyny heniz daňdanyň ýakymsyz aýazyny meýdandan kowup çykarmandy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Onuň gulagyna ýakymsyz gürrüňler ýeter durardy. (H. Ysmaýylow, Powestler)
Garagol, oňşuksyz, bezzat, ýoknasyz (çaga hakda).
Ol ýakymsyz oglanlar bilen gezýär, sütüni süýnüp öýlerine gelýär. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)
Emma ýakymsyz oglanlardan uşajyk gowurdy göterildi, soň gykylyk artdy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)