ýakylmak 1 işlik

  1. Otlanyp tutaşdyrylmak, ot berilmek, otlanmak.

    • Ähli arzuw-hyýallary-da ýakylan kagyzyň küli ýaly gaýyşyp uçup gitdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Yşyk edilmek, ýagtylandyrylmak, yşyklandyrylmak.

    • Jaýyň çyralary ýakyldy.

  3. Göçme manyda Göwnüne degilmek, ynjadylmak, agyrdylmak.

ýakylmak 2 işlik

Suw berilmek, suw içirilmek, suwdan gandyrylmak.

  • Mallar suwa ýakyldy.


Duş gelýän formalary
  • ýakylan
  • ýakylanda
  • ýakylandan
  • ýakylandygy
  • ýakylandygyna
  • ýakylandygyny
  • ýakylandygynyň
  • ýakylansoň
  • ýakylanyndan
  • ýakylanyny
  • ýakylar
  • ýakylaýjak
  • ýakylaýmasa
  • ýakyldy
  • ýakyljak
  • ýakylma
  • ýakylmadyk
  • ýakylmaga
  • ýakylmagy
  • ýakylmagyna
  • ýakylmagynyň
  • ýakylmak
  • ýakylmalar
  • ýakylmaly
  • ýakylman
  • ýakylmandy
  • ýakylmansoň
  • ýakylmasy
  • ýakylmasyndan
  • ýakylmazlyk
  • ýakylmaýan
  • ýakylsa
  • ýakylyp
  • ýakylypdy
  • ýakylypdyr
  • ýakylýan
  • ýakylýandygyny
  • ýakylýanlary
  • ýakylýanlygy
  • ýakylýany
  • ýakylýanyny
  • ýakylýar
  • ýakylýardy
  • ýakylýarlar