[ýa:ku:t]
Gök ýa-da ýaşyl reňkli gymmat baha daş.
Suwa gaçan ýakut, ýyldyz şöhleler Ajap hereketde, ýok olaň soňy. (R. Seýidow, Eserler)
Parasat hem akyl alamaty bolan şol fakel ýakut bilen bezelenligi üçin ýanyp duran ot ýaly görünýärdi. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýakut - ýakudy.