ýakmak 1 işlik

  1. Ot berdirmek, otlamak.

    • Jemal eje bolsa başyndaky ýaglygyny başga bir ýaglyk bilen çalşyryp, ojakda ot ýakmaga girişdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

    • Gum depeleriniň arasyndan çopanlaryň ýakýan otlary Aýyň ýagtysyna zordan görünýärdi. (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy)

    • Ýakma bişersiň, gazma düşersiň. (nakyl)

  2. Yşyk etmek, ýagtylandyrmak, yşyklandyrmak.

    • Derrew çyrany ýakdylar. («Tokmak» žurnaly)

  3. Bir zadyň gyzgyny, awusy güýçli täsir etmek, ötmek.

    • Gün olaryň arkasyny ýakyp barýardy, siňekler dişleýärdi. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

  4. Göwne ýaramak, halamak, söýmek.

    • Edýän işiň iliň göwnüne ýaksyn! Gaýratyňdan rähnet arygy aksyn! (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler)

  5. Göçme manyda Gaty käýitmek, ahy-zar çekdirmek, ynjytmak, agyrtmak, köýdürmek.

    • Ýöne sen meni ýakma! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

    • Gaş kakyp, göz güldürip, ýakma meni näziň bilen. (Ata Salyh, Saýlanan eserler)

gulaga ýakmak

seret gulak

  • Goýun diýeni Öweziň enesiniň gulagyna ýakyp gitdi. («Görogly» Eposi)

iç ýakmak

seret

janyny ýakmak

seret jan

  • Bahar bilen nepsiz diňe ýakdym jan, Gan almaga gurban bolmadym ýa-da. (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler)

ýakmak 2 işlik

Suw bermek, suw içirmek, suwdan gandyrmak.

  • Ol sygyrlary suwa ýakyp boldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • ýakaly
  • ýakalyň
  • ýakam
  • ýakan
  • ýakana
  • ýakanda
  • ýakandygyny
  • ýakandyklaryna
  • ýakandyr
  • ýakanlar
  • ýakanlarynda
  • ýakanlygy
  • ýakanok
  • ýakanokmydy
  • ýakansoň
  • ýakany
  • ýakanyma
  • ýakanymy
  • ýakanyna
  • ýakanyň
  • ýakanyňa
  • ýakar
  • ýakara
  • ýakardy
  • ýakardyk
  • ýakarlar
  • ýakarlyk
  • ýakarmy
  • ýakarmyka
  • ýakarsyň
  • ýakary
  • ýakaryn
  • ýakarys
  • ýakasy
  • ýakaýdy
  • ýakaýmalymy
  • ýakaýyn
  • ýakdy
  • ýakdy-da
  • ýakdygy
  • ýakdygyň
  • ýakdyk
  • ýakdyk-da
  • ýakdylar
  • ýakdym
  • ýakdyr
  • ýakdyň
  • ýakdyňyz
  • ýakgyn
  • ýakjaga
  • ýakjagam
  • ýakjak
  • ýakjaklardy
  • ýakjaklaryny
  • ýaklary
  • ýakma
  • ýakmady
  • ýakmadygy
  • ýakmadygyň
  • ýakmadyk
  • ýakmadym
  • ýakmadymy
  • ýakmaga
  • ýakmaga-da
  • ýakmagam
  • ýakmagy
  • ýakmagymyň
  • ýakmagyna
  • ýakmagyň
  • ýakmajak
  • ýakmak
  • ýakmakda
  • ýakmaklyga
  • ýakmaklygy
  • ýakmaklygyň
  • ýakmaklyk
  • ýakmaklykda
  • ýakmaklykdan
  • ýakmaklykdyr
  • ýakmaly
  • ýakmalydy
  • ýakmalydygyny
  • ýakmalydyr
  • ýakmalymy
  • ýakman
  • ýakmana
  • ýakmasa
  • ýakmasa-da
  • ýakmasam
  • ýakmasaň
  • ýakmasyn
  • ýakmaz
  • ýakmaza
  • ýakmazdan
  • ýakmazlygyny
  • ýakmazlyk
  • ýakmaýan
  • ýakmaýandygyna
  • ýakmaýandygyny
  • ýakmaýanyny
  • ýakmaýar
  • ýakmaýarlar
  • ýakmaýyn
  • ýakmaň
  • ýaksa
  • ýaksa-da
  • ýaksadyň
  • ýaksalar
  • ýaksam
  • ýaksaň
  • ýaksaň-da
  • ýaksyn
  • ýakybam
  • ýakyp
  • ýakypdy
  • ýakypdyr
  • ýakypdyrlar
  • ýakyň
  • ýakýan
  • ýakýandygyny
  • ýakýandyr
  • ýakýanyň
  • ýakýar
  • ýakýar-da
  • ýakýardy
  • ýakýardylar
  • ýakýarlar
  • ýakýarsyň
  • ýakýaryn
  • ýakýarys