Geýimiň boýun töweregindäki çäk açylyp edilen we şoňa berkidilen bölegi, ýeri.
Begenjiň köýneginiň ilikleri ýazdyrylyp, ýakasy ýatyrylypdyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Geliň boş oturmaň, iliň ak gaýmaly tahýasyny goýaýardy, kürte ýakasyna ýa-da çyrpa keşde çekerdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Gözlerinden akýan ýaş bolsa Mähriniň ýakasyna döküldi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Bir zadyň kenary, gyrasy, gyra, kenar.
Demir ýoluň ýakasyndaky haýatyň düýbünde bukulyp, telegrafa golaýlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Säheriň şol wagty ýabyň ýakasyna çykan bir ýigit dört töweregine yhlasly seredýärdi. (B. Gurbanow, Duşuşyk)
Tarap, töwerek, ýan.
Biziň ýakalara-da gara beriň ahyry!
seret etek 2,3
Özüňi uly ile tanatmak, at gazanmak, bellenmek.
Derýa özüniň kiçiligine garamazdan, özüniň akýan ugrunda öz ýakasyny tanadypdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Toba etmek, puşman etmek, heder etmek.
Ýitirdiňmi, ogurlatdyňmy, nätdiň? -- diýip, ýakasyny tutup gygyrdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Kellesini ýaýkap, ýakasyny tutdy. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Sene-mene edişip, biri-biriňe el garamak, uruşmak.
Söwdegäriň ogly bilen gyzyl adam iň soňunda ýaka tutuşdylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
seret ýaka tutmak ýaka tutmak
Bir zada närazy bolup garşylyk bildirmek.
Şeker eşdip toý sesini, Geldi ýyrtyp ýakasyny. (Çary Aşyr, Ýaş kilwanyň ýalňyşy)
Häbibe ýaka ýyrtyp aglady. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)
Üstünden düşmek.
Wiý, mama, sen-ä: «Ýagşylyga-ýamanlyk» diýen ýaly, meniň öz ýakamdan tutaýdyň! («Sowet Edebiýaty» žurnaly)