ýagtyltmak işlik

seret ýagtylandyrmak

  • Ýygnak açyk howada geçýärdi, pelteli çyra prezidium stoluny zordan ýagtyldýardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ýokary galan Aý asmanyň ýüzüni ýagtyltdy. (M. Ibrahimow, Ol gün geler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýagtyltmak - ýagtyldýar, ýagtyldar, ýagtyldypdyr.


Duş gelýän formalary
  • ýagtyldan
  • ýagtyldanok
  • ýagtyldansoň
  • ýagtyldarsyň
  • ýagtyldyp
  • ýagtyldýan
  • ýagtyldýar
  • ýagtyldýardy
  • ýagtyltdy
  • ýagtyltdyň
  • ýagtyltjak
  • ýagtyltmak
  • ýagtyltmaly
  • ýagtyltsyn