ýagşy sypat

  1. Göwne ýakymly, oňat, gowy.

    • «Ýagşy niýet ýarym döwlet» diýlişi ýaly, meniň niýetim örän gowudy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • «Ýagşy söz ýylany hinden çykarar» naklyna görä, Mawyny süýjülik bilen ezmäge, gerek bolan ýerinde onuň özüni dillendirmäge çalyşdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ýagşy ýigit il aýybyny açmaz. (nakyl)

  2. Ýeterlik derejede mazaly, düýpleýin.

  3. «Bolýar, hoş» diýen manyny aňladýan söz.

    • Ýagşy, ol bir akmak ekeni, Kelhana näme bolupdyr?! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ýagşy, bu hakda ýörite gepleşeris! («Sowet edebiýaty» žurnaly)

gelen ýagşy!

Gapydan «Giç ýagşy!» -- diýip gelen adama aýdylýan jogap sözi.

  • Gelen ýagşy! -- diýip, Çary aga dik oturdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

giç ýagşy!

seret giç

  • Giç ýagşy -- diýip, Pökgen sekiniň etegine etdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)


Duş gelýän formalary
  • ýagşa
  • ýagşam
  • ýagşyda
  • ýagşydan
  • ýagşydygyny
  • ýagşydyr
  • ýagşyja
  • ýagşylar
  • ýagşylara
  • ýagşylardan
  • ýagşylary
  • ýagşylaryň
  • ýagşylyga
  • ýagşylygam
  • ýagşylygy
  • ýagşylygym
  • ýagşylygyma
  • ýagşylygymy
  • ýagşylygymyň
  • ýagşylygyna
  • ýagşylygyny
  • ýagşylygynyň
  • ýagşylygyň
  • ýagşylygyňy
  • ýagşylygyňyz
  • ýagşylygyňyzy
  • ýagşylygyňyzyň
  • ýagşylyk
  • ýagşylykda
  • ýagşylykdan
  • ýagşylykdyr
  • ýagşymy
  • ýagşymydyr
  • ýagşymyň
  • ýagşyny
  • ýagşynyň
  • ýagşyrak
  • ýagşyrakdyr
  • ýagşysam
  • ýagşysy
  • ýagşysyna
  • ýagşysynda
  • ýagşysyny
  • ýagşyň
  • ýagşyňam
  • ýagşyňy