ýadawlyk

[ýa:dawlyk]

Köp işlemek, hereketde bolmak zerarly güýç-kuwwatyň gaçmaklyk, ýadaw halda bolmaklyk, argynlyk, ýorgunlyk.

  • Kä öňürdikleýän, kä gorgunyna gelýän atyň ýadawlygy saýgaryldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Ol ýigitlerde ýadawlyk hem uky-da ýok däldi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

  • Süňňimiz ýeňläp ýadawlykdan zat galmady. (N. Pomma, Sebäbini soň bildim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýadawlyk - ýadawlygy.


Duş gelýän formalary
  • ýadawlyga
  • ýadawlygam
  • ýadawlygy
  • ýadawlygy-da
  • ýadawlygym
  • ýadawlygymyň
  • ýadawlygyna
  • ýadawlygyndan
  • ýadawlygyndanmy
  • ýadawlygyny
  • ýadawlygynyň
  • ýadawlygyň
  • ýadawlygyňy
  • ýadawlykda
  • ýadawlykdan
  • ýadawlykdanam
  • ýadawlykdandyr
  • ýadawlyklary
  • ýadawlyklaryny
  • ýadawlykmy