ýadatmak işlik

[ýa:datmak]

  1. Ýadaw hala salmak, köp işledip, argyn ýagdaýa salmak, güýçden gaçyrmak, ardyrmak.

    • Dowarlary artykmaç kowalamak, olary ynjalykdan gaçyrmak ýa-da çakdanaşa ýadatmak asla bolmaz. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  2. Göçme manyda Bizar etmek, halys etmek, irizmek.

    • Ejesiniň soraglary Myrady bir ýandan ýadatsa, ikinji ýandan, onuň agyr oýuny ýene güýçlendirýärdi. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

    • Ony şeýle durmuş, şeýle ýagdaý ýadadyp başlady. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Yssy jöwza bilen gamly sähra ony halys ýadadypdy. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýadatmak - ýadadýar, ýadadar, ýadadypdyr.


Duş gelýän formalary
  • ýadadan
  • ýadadana
  • ýadadanok
  • ýadadaňok
  • ýadadyp
  • ýadadypdy
  • ýadadypdyr
  • ýadadyň
  • ýadadýan
  • ýadadýandygyny
  • ýadadýar
  • ýadadýardy
  • ýadatdy
  • ýadatdylar
  • ýadatjakdy
  • ýadatma
  • ýadatma-da
  • ýadatmady
  • ýadatmak
  • ýadatmaly
  • ýadatmandy
  • ýadatmasa-da
  • ýadatmaýar
  • ýadatmaýardy
  • ýadatmaň
  • ýadatsa