ýadamak işlik

[ýa:damak]

  1. Ýadaw halda bolmak, ýadawlyk duýmak, köp işläp güýçden gaçmak, armak.

    • Men hem suwuň içinde gezip ýadadym. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

    • Işçiler ardylar, ýadadylar, ajykdylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Sen uzak gije ukudan galdyň, ýadadyň. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

  2. Göçme manyda Bizar bolmak, halys bolmak, irmek.

    • Ol aýdanyň hem bolman durjak däl, men şu dullukdan halys ýadadym. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)


Duş gelýän formalary
  • ýadady
  • ýadady-da
  • ýadadygam
  • ýadadyk
  • ýadadylar
  • ýadadym
  • ýadadymy
  • ýadadyň
  • ýadadyňmy
  • ýadajaga
  • ýadam
  • ýadama
  • ýadamady
  • ýadamadyk
  • ýadamadym
  • ýadamadyňyzmy
  • ýadamagy
  • ýadamagyna
  • ýadamagyň
  • ýadamak
  • ýadamaklyga
  • ýadamaklygy
  • ýadamaklygyna
  • ýadamaklygyny
  • ýadamaklyk
  • ýadamaly
  • ýadaman
  • ýadamandy
  • ýadamandyrlar
  • ýadamany
  • ýadamasak
  • ýadamasyn
  • ýadamazdyk
  • ýadamazlygy
  • ýadamazlygyna
  • ýadamazlyk
  • ýadamazy
  • ýadamaýan
  • ýadamaýar
  • ýadamaň
  • ýadamok
  • ýadan
  • ýadana
  • ýadanda
  • ýadandan
  • ýadandygyna
  • ýadandygyny
  • ýadandygyňy
  • ýadandyklaryny
  • ýadandyr
  • ýadanlar
  • ýadanlary
  • ýadanlaryna
  • ýadanlaryndan
  • ýadanlaryny
  • ýadanlygy
  • ýadanlyk
  • ýadanokmy
  • ýadansoň
  • ýadany
  • ýadanym
  • ýadanyndan
  • ýadanyny
  • ýadap
  • ýadapdy
  • ýadapdyk
  • ýadapdylar
  • ýadapdyr
  • ýadapdyrlar
  • ýadapdyryn
  • ýadapsyň
  • ýadar
  • ýadardy
  • ýadarsyň
  • ýadary
  • ýadaryn
  • ýadasa
  • ýadasalaram
  • ýadasaň
  • ýadasaňyz
  • ýadasyn
  • ýadaý
  • ýadaýan
  • ýadaýan-da
  • ýadaýandygyny
  • ýadaýandyklaryny
  • ýadaýanlygy
  • ýadaýanlygyny
  • ýadaýanyny
  • ýadaýança
  • ýadaýar
  • ýadaýarlar
  • ýadaýarys
  • ýadaýjak
  • ýadaýyn
  • ýadaňok