ýaby

Iş maly hökmünde ulanylýan ýeke toýnakly iri öý haýwany, gylýal.

  • Paýtunçy meni görüp, dessine ýabysynyň başyny başga tarapa öwrüp, ony gamçylamaga başlady. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Garry meniň kakamy tanaýardy, onuň bilen öňräk ýaby çalşypdy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  • Ýabynyň ýatagyna baryp, ahyrynyň üstünden işirmesini aldy-da, ýaba saldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)


Duş gelýän formalary
  • ýaba
  • ýabam
  • ýabyda
  • ýabydan
  • ýabylar
  • ýabylara
  • ýabylaram
  • ýabylary
  • ýabylarydy
  • ýabylarymyza
  • ýabylaryndan
  • ýabylaryny
  • ýabylarynyň
  • ýabylaryň
  • ýabyly
  • ýabylylar
  • ýabylynyň
  • ýabylyň
  • ýabymdan
  • ýabymy
  • ýabymyzdan
  • ýabymyzy
  • ýabyny
  • ýabynyň
  • ýabysam
  • ýabysy
  • ýabysyna
  • ýabysyndan
  • ýabysyny
  • ýabysynyň
  • ýabyň
  • ýabyňy
  • ýabyňyzyň