ýaňzytmak ýaň‧zyt‧mak işlik

Çala duýdurmak, çala aňlatmak, mälim etmek, bildirmek.

  • Aýnany ýaman görmeýänini Bally hem saňa ýaňzydypdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýaňzytmak - ýaňzydýar, ýaňzydar, ýaňzydypdyr.


Duş gelýän formalary
  • ýaňzydan
  • ýaňzydandyklaryny
  • ýaňzydanymda
  • ýaňzydanyň
  • ýaňzydasy
  • ýaňzydyp
  • ýaňzydypdy
  • ýaňzydypdym
  • ýaňzydypdyr
  • ýaňzydýar
  • ýaňzydýar-da
  • ýaňzytdy
  • ýaňzytdym
  • ýaňzytjagam
  • ýaňzytjak
  • ýaňzytma
  • ýaňzytmagy
  • ýaňzytmagyna
  • ýaňzytmagyň
  • ýaňzytmak
  • ýaňzytmalaryn
  • ýaňzytmaly
  • ýaňzytmalydyrlar
  • ýaňzytmany
  • ýaňzytmaýanlygy
  • ýaňzytsaň