ýaňy hal

  1. Mundan bir azajyk öň, ýaňyja, ýap-ýaňy.

    • Ýaňy ukudan turan zaňňar çaýyny içmändir. («Görogly» eposy)

    • Ýaňy daň agaryp başlapdy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

    • Ýaňy dogan Gün jandara lezzet beriji göwher nuruny dünýä saçdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)

  2. Şu wagta çenli, bary ýogy, diňe.

    • Biziň Aşgabatdan ugralymyz ýaňy iki ýarym sagat bolupdyr. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  3. Çala, biraz, azajyk.

    • Howa ýaňy ýagtylyberende, Çärjew şäheriniň depesinde gümmürdi başlandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Mekdebiň direktory ýaňy ak sepen saçlaryny tiz-tizden sypalap, okuwçylaryň oýnap ýörüşlerine guwanç bilen syn edýärdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • ýaňa
  • ýaňam
  • ýaňydan
  • ýaňydy
  • ýaňyja
  • ýaňylar
  • ýaňylara
  • ýaňylaram
  • ýaňylykda
  • ýaňymy
  • ýaňyrak
  • ýaňyrakdan