[ýa:ýylmak]
Ýaýmak ýoly bilen gatygyň, gaýmagyň ýagy alynmak, gatyk ýaýlyga guýlup, pişek bilen urlup, ýagy alynmak.
[ýa:ýylmak]
Ýasalyp ýukaldylmak, oklaw bilen endigan ýazylyp ýuka edilmek, ýazgyn forma berilmek (hamyr hakda).
Çelpek ýaýylyp gutaryldy.
Seçelendirilip goýberilmek, pytradylyp goýberilmek, ýaýradylmak.
Ol Galýanyň ýaýylyp ýatan sary saçlaryna, şekillije çaga ýüzüne seredip, ep-esli wagt doňan ýally bolup oturdy. (B. Gurbanow, Duşuşyk)
Giňden ýazylmak, ýazylyp gitmek.
Dagdan aşanymyzdan soň, biziň gözümiziň öňünde giden bir ýaşyl düzlük ýaýyldy. («Sowet Türkmenistany» gazeti)
Altaý daglaryna çenli ýaýylyp ýatan sähralarda dowarlaryň sürüleri bakylypdyr. (Gadymy dünýä taryhy)
Göçme manyda Mälim edilmek, aýan edilmek, ýaýramak.
Nursoltanyň şatlyk şöhlesi ýaýylan ýagty ýüzüne birdenkä gaýgy alamaty çaýyldy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)