Dargatmak, pytratmak.
Çopan sürini ýapynyň ýüzüne ýaýradyp, adatdakysy ýaly goşa tüpeňini elinde tutp, töweregine ser salyp durýar.
Çaýmak, saçmak.
Gün özüniň şöhlesini ýaýradyp başlapdy. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Paýlamak, üleşdirmek.
Raýonyň alyjylar soýuzy oba magazinlerine dürli harytlar ýaýradýar.
Ýaýraň, ýazgyn görnüşe getirmek, ýazmak, germek.
Gaz ganatlaryny ýaýradyp otyrdy. (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)
Köpçülige mälim, äşgär boluşlyk.
Bu gürrüň halk arasyna ýaýrapdyr.
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýar goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýaýratmak - ýaýradýar, ýaýradar, ýaýradypdyr.