Bolçulykda ýaşamak, bolelinlikde güzeran geçirmek, erkin ýaşamak.
Ejemiň ýaýnap ýaşaýan bu azat günlerinde her bir üstünligine, her bir guwanjyna men meýlis gurýaryn. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan ogly)
Şu öýden gitsek, biz ýaýnap ýaşarys. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Çopan ogly)
Erkana ýaýnap gezýän, Joşup waspyny ýazýan. (R. Seýidow, Bagtlylar)
Göçme manyda Hezil etmek, lezzet tapmak, lezzetlenmek.
Kenarynda, kemerinde daglaryň, Bürgüt guşy, arslan-şirler ýaýnaýar. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Sürüli goýunlar asudalyk bilen ýaýnap gezerdiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Giňden ýazylmak, uzap gitmek, uzamak.
Kyrk çulbadan aňyrlygyna bolsa ownujak gyzgylt daşly gyr ýaýnap gidýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Onuň günorta taýy belentli-pesli üznüksiz dag etegi, baýyrlyk bolup, demirgazyk-gündogar taýy Garaguma bakan ýaýnap gidýän üznüksiz çöldi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)