[ýa:ýmak]
Gatygyň ýagyny almak üçin ýanlygyny yzyny üzmän, pişek bilen bulap durmak.
Mama ýanlyk ýaýmaga taýynlanyp durdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ol ertir basyryp giden gatygyny ýaýyp başlady. (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy)
[ýa:ýmak]
Hamyry oklaw bilen iki tarapa togalap ýukaltmak, hamyra ýazgyn forma bermek.
Jomaly gaýtarýarlar, şonuň çelpegini ýaýmaga barýan. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Seçelendirip goýbermek, pytradyp goýbermek, ýaýratmak.
Gelni tamyň çüňňünde saçyny ýaýyp ýatyr. («Tokmak» žurnaly)
Bürenip al-elwan ýaglyk, Otyr ol gyz zülpüň ýaýyp. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Giňden ýazmak, germek.
Soňra ol hem ganat ýaýyp, howlynyň depesine çykdy. (B. Seýtäkow, Moskwanyň ýalkymy)
Mälim etmek, aýan etmek, ýaýratmak.
Syryňy ile ýaýmak.