Biriniň ýanynda sylagy, hormatly bar bolan, sözi diňlenýän, abraýly.
Gulman arçyn beýik baýarlaryň ýanynda ýüzli hem gowy adam bolup görünjek bolup: «Men hasyla garaşyp durman, öz obamdan öý salgydyny ýygnajak» diýip, özi diläp alypdyr -- diýdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Kömek özüniň ýanynda ýüzli bolan adamlara özüniň ahyrky jogabyny berdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.
Meselem ýüzli - ýüzlüde, ýüzlüler, ýüzlüsi.
Süýnmegräk owadan ýüzli.
At ýüzli adam.
Alçak, mylaýym, mylakatly.
Orta boýly, etli-ganly, güler ýüzli Nursoltan sagyp gelen sygyrlarynyň süýdüni gazana guýup, üstüni gapak bilen örtdi-de, Aýsoltanyň garşysynda gelip oturdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)