Bir tarapa ugramak, bir tarapa ýönelmek, bir tarapa gitmek, bir ugra hereket etmek.
Şol wagt gyrkymçylar hem şu günki gyrkymyny gutaryp, teläre bakan ýüzlendiler. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Aýna kädisini arkasyna alyp, Artykdan taýa oglanyň göz gezdirdi-de, yzyna bakan ýüzlendi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Birine ýa-da köpçülige ýüz tutmak, hemmeleriň pikirini özüňe çekýän söz aýtmak, çagyryş bilen ýüz tutmak.
Şol ondan soň garnizon naçalnigine ýüzlendi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)