Çuň däl, ýüzüne golaý, has ýokarrakdan, ýüzräginden, çalaja.
Ýeri näçe ýüzleý depseň, şonça-da ekiniň hasyllygy az bolýar.
Göçme manyda Sowuk-sala, bolar-bolmaz, düýpleýin däl, gowşak.
Ol soňky wagt guramanyň işine ýüzleý ýolbaşçylyk edenligini içinden boýnuna almaga mejbur boldy. (N. Jumaýew, Ak derek)
Durmuşa şeýle ýüzleý garaýan adamlar ýaşylyň arasynda-da bar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Ýüzleý gözden geçirdim. (G. Kulyýew, Köpetdagyň aňyrsynda)