Ýüz manatlyk tutuş kagyz pul.
Petde-petde ýüzlükleri alyp, kurorta geldimi, geldi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)
Sygryň bahasyndan alnan ýüzlükler onuň penjesinden öz ygtyýaryna ýeke-ýekeden ýere gaçyp başlady. («Tokmak» žurnaly)
Inim, ynha şu üç ýüz manatlyk zaýom, üçüsi hem ýüzlük, şuňa näçe pul berýän bolsaňyz, beriň! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýüzlük - ýüzlügi.
Geýimiň, ýorganyň we ş. m. zatlaryň daş ýüzüne tutmaga ýaraýan.
Düşegi bir zaty palas, ýapynjalary hem ýüzlügi ýüňleri tozgalaşyp duran iki sany ýorgan boldy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)
Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.
Meselem ýüzlük - ýüzlügi.