ýüzin ýü‧zin

[ýüzi:n]

Ýüzüňi, göwräňi aşaklygyna edip, arkan däl, ýüz tarapyň üstüne.

  • Ondan soň ony gaty ýerde ýüzin ýatyryp, aýaklarynyň üstüne mündiler. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Onuň dyzy hem bir zada degip, ýüzin ýykyldy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

ýüzin düşmek

Beterine tutmak, aşa geçmek.

  • Ýüz berilse, ýüzin düşer etme. (nakyl)

ýüzin salmak

Örän gaty çapyp gitmek, aýak aldygyna çapmak, at salmak.

  • Kybla garap, guýruguny jaýtartyp, ýüzin salyp gelýär. («Görogly» eposy)


Duş gelýän formalary
  • ýüzinde
  • ýüzinden
  • ýüzindäki
  • ýüzine
  • ýüzini
  • ýüzinin
  • ýüziniň
  • ýüzinligine