ýüz ýüz 1 at

  1. Adamynyň kellesiniň öň tarapky bölegi.

    • Begenjiň güne ýanan ýüzi gyzgylt goňras bolup görünýär. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Görmegeý ak ýüzi çalaja derläp, Rus aýaly otyr oglun gujaklap. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Zadyň üst tarapy, üsti, ýokarsy.

    • Darajyk ýoda beýik gaýalaryň ýüzi bilen geçýär. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Halynyň ýüzi çaňjarypdyr.

  3. Umuman daşky görünýän tarap.

    • Gögüň ýüzi çüýşe ýaly durlandy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Diwaryň ýüzi gowy agarypdyr.

  4. Düzüw tarapy (matanyň we ş. m.).

    • Bu matanyň ýüzi haýsy, çöwre tarapy haýsy, biler ýaly däl.

  5. Kömekçi söz rolunda:

    • Guşlar howanyň ýüzünde gaýýardy.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem ýüz - ýüzüm, ýüzüň.

agyr ýüzli

  1. Ýüzi salyk, gaharly, hyrsyz.

  2. Geplemezek, az gepleýän.

garrylyga ýüz urmak

seret garrylyk

  • Balam, men indi garrylyga ýüz urupdyryn. (Myraly)

ýalaň ýüz

Sakgal çykmadyk, sakgaly ýok.

ýüz bermek

Hajyk-hujuk etmek, gowy kabul etmek, goldamak.

  • Ol biziň ýüz berenimize begenip, örän içgin gürrüňleşdi. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

ýüz çydamlyk

Bir zady etmäge ýürek ýetmezlik.

  • Emma ony diýmäge Myradyň ýüzi çydamady, çaý bermeli boldy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

  • Onun kesesinden ýüzüň çydar ýaly däl. (B. Kerbabaýew, Çekişmän-Bekişmez)

ýüz çytmak

Agyry zerarly ýa-da gahar, öýke zerarly nägilelik bildirmek.

  • Alabeder goşunyna garap, ýüzüni çytyp duran Eziziň aýylganç gözlerine gözi düşen dilmaç oňa wehim berdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ýüz döndermek

Ýüzüňi sowmak, boýun towlamak, el çekmek, dänmek.

  • Kim bilýär, belki indi ondan ýigitler ýüz dönderjek. (Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Sen üstüňe gelen bagtdan ýüz dönderme! (Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ýüz görmek

Dostparazlyk, tarapgöýlik zerarly sylamak, ilden artyk görmek, başgalardan ileri tutmak.

  • Ine bulary-da feletona goşmak gerek ekeni, emma ýüz görüpdirler. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

  • Ýüz göreniň ýüzi gursun. (nakyl)

ýüz otdan yssy

Ýüzüne gelip bilmezlik, ýüzüne aýdyp bilmezlik.

ýüz öwürmek

  1. Aragatnaşygy bes etmek, terk etmek, oňşuksyzlyk zerarly tersleşmek, dönmek.

    • Özleri menden ýüz öwürýärler. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

    • Eger ol hem menden ýüz öwürse, onda meniň işim gaýtdygy! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Bir tarapa, bir ugra ýüzlenmek.

    • Samolýot şäheriň üstünden bir aýlandy-da, gaýralygyna baka ýüz öwürdi.

ýüz sallamak

Närazy bolmak, kineli, öýkeli görnüşde bolmak, utanjyňdan ýere bakmak, öýkelemek.

  • Barsam, başlyk ýüzüni sallap otyr. («Tokmak» žurnaly)

  • Onuň keýpi çöp döwlen ýaly boldy, ol ýüzüni sallap, güllerini göterip, dähedem-dessem edip, yzyna gaýtdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

ýüz sapajaklatmak

Dogry garap bilmezlik, dogrusyny aýtmajak bolmak, dogry gelip bilmezlik.

ýüz saraltmak

Birine boýun burup dileg salmak, dilemek.

  • Hiç wagt olaryň ýanyna baryp, boýnuňy burup, ýüzüňi saraltmak gerek däl. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

ýüz sowmak

seret ýüz öwürmek ýüz öwürmek

  • Ol name üçin senden ýüzüni sowýar?

ýüz tapmak

Gowy kabul edilmek, hormatlanmak.

  • Keýpi kökmükä, oňat ýüz tapdymyka? Ýa-da yzyna it salyp goýberdimikä? («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ýüz turşatmak

  1. Nägile, närazy bolmak, ýüz çytmak.

    • Mele donly, ak sakgal, bili bükülen bir adam ýüzüni turşatdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Howanyň ýüzi bulaşyp başlamak.

    • Gyş hawasy kem-kem ýüzün turşatdy. (D. Baýmyradow, Söýgi we mekirlik)

ýüz tutmak

Dileg, kömek, sorag, haýyş we ş. m. bilen birine ýüzlenmek, maslahat atmak.

  • Märeke ýerli-ýerinde oturandan soň, Annak ýerinden galyp, märekä ýüz tutdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Men MTS-e, raýkomyň sekretaryna ýüz tutdum. (B. Pürliýew, Ilkinji gün)

ýüz urmak

Bir işe girişmek, baş goşmak, bir iş bilen meşgul bolmak.

  • Gurt şol günden başlap, jenaýat işlerine ýüz urupdy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

ýüz-de-göz

Ýüzbe-ýüz duran, garşyma-garşy, ýanaşyk.

  • Ynha özi bar, ýüz-de-göz, aýtsyn, munuň dilegini bitirmedik wagtym barmydy?

ýüze çykarmak

Äşgär etmek, aýan etmek, üstüni açmak, aýdyňlaşdyrmak.

  • Deňeşdirme -- obýektiw dünýäniň predmetleriniň, hadysalarynyň meňzeşligini we tapawudyny ýüze çykarýan logiki usuldyr. (S. N. Winogradow, A. F. Kuzmin, Logika)

ýüze çykmak

Peýda bolmak, emele gelmek, äşgär bolmak, döremek.

  • Päle permany boýunça Orta Aziýadaki boýlan bulançaklyklardan, ýüze çykýan wakalardan söz açyldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ýüze gelmek

Aýybyny ýüzüne aýtmak, ýüzüne goýmak, ýüzleşmek.

ýüze sylmak

Togap etmek, ýagşa ýykgyn etmek, ýagşylygy dileg etmek, berlen zada begenmek, ýüzüňe sürtmek.

  • Keýwany seretdi, geň galyplar seretdi. Içini açyşdyryp gördi, ýüzüne syldy. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

ýüze tutarlygy ýok

Derde ýaramaýan, ugursyz, ýaramaz.

ýüzi açyk

Açyk göwünli, mähirli, mylakatly, mylaýym.

ýüzi açylmak

  1. Köpi gören, durmuşa doly girişen ýagdaýynda bolmak, utanmazlyk.

  2. Gahary ýatmak, öýkesi ýazylmak.

    • Altynyň bu söze gamaşyp duran ýüzi açyldy. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

ýüzi ak tam bolmak

Gorkmak, utanmak we ş. m. zerarly reňkiň öçmek.

  • Onuň şol wagtky bolşuny söz bilen aýdyp görkezmek hem aňsat däl, ýöne onuň reňkli öçüp, ýüzi ak tam bolupdyr. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  • Bahar, sen syrkawlap dagy etdiňmi, ýüzüň ak tam-la, näme beýle hor? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

ýüzi bolmazlyk

Abraýy bolmazlyk, hormatly ýokluk.

  • Seniň gepläre ýüzüň barmy? (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ýüzi boz-ýaz bolmak

Çykgynsyz ýagdaýa düşmek, utanmak, uýalmak.

  • Bu sözden soň onuň ýüzi boz-ýaz boldy.

ýüzi bulutly görünmek

Örän agyr ýüzli bolmak, gaýgyly gamly görünmek.

ýüzi galyň

Diýleni ýüzüne almaýan, aýdylýan zatlar ýokmaýan, utançsyz, binamys.

  • Dogrusy, ol tüýs bir ýüzi galyň, gedem adam ekeni. («Tokmak» žurnaly)

ýüzi gamaşyk

  1. Gahary gelmek, gaharjaň görnüşli bolmak.

    • Onuň ýüregi gahar-gazap bilen daldy, ýüzi gamaşdy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

    • Altynyň bu söze gamaşyp duran ýüzi açyldyç. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

  2. Ýüzi tutulmak, bozulmak, bulaşmak (howa hakda).

    • Howanyň ýüzi gamaşyp dur.

ýüzi gaýdyşmak

Guramaga başlamak, solup başlamak.

  • Ýaz otlarynyň ýüzi gaýdyşypdyr.

ýüzi gaýtmak

  1. Ýüzi zaýalanmak, kütelmek (pyçak, palta, we ş. m. hakda).

  2. Alyjysy azalmak, az geçmek, gadyrsyzlanmak (haryt hakda).

  3. Birneme gowulaşmak, gutulyşmak (ýara hakynda).

ýüzi gylawlamak

Suwy süýjäp başlamak ýaňy bişip ugramak.

  • Gawunlaryň ýüzi gylawlapdyr.

ýüzi kölegesiz

Juda sary, çypar (adam hakda).

ýüzi salyk

Tukat görnüşli, öýke-kineli gezip ýören, tukat.

  • Aşyryň ýüzünisalyk gören ejesi onuň tarapyny çaldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Öňki şatlyk ýok onda, Ýüzi örän salykdy. (M. Seýidow, Çoluk)

ýüzi solgun

Ünjüli, aladaly, gaýgyly.

ýüzi täzelenmek

Guratlanyp başlamak, semräp ugramak.

  • Ýüreklerine kuwwat gelip, damarlarynda gan ýöredi, adamlaryň ýüzleri täzelendi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

ýüzi ýagtylmak

  1. Bir zada begenip şähdi açylmak.

    • Oho! -- diýip, ýüzi ýagtylyp gitdi, Dostlaryna guwanç bilen seretdi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  2. Ýüzüne et-gan inip ugramak, semräp başlamak.

ýüzi ýok

  1. Biriniň ýanynda hetdi, abraýy, sylagy, hormaty ýok.

    • Oňa jogap berip bilere biziň ýüzümiz ýok. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Hyrydary ýok, alýan ýok, ýüzüne hem seredilmeýär.

    • Geçen bazarda-hamalyň ýüzi ýokdy.

ýüzi ýülmek adam

Sakgalsyz-murtsuz, köse.

ýüzünden gar ýagmak

Ýüz-gözünde rehim-şepagat bolmazlyk, gaharly görünmek.

  • Onuň ýüreginiň awaýandygy, ýüzünden gar ýagýandygy hem şonuň üçindi. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  • Berdi aganyň ýüzünden gar ýagýar, serederligi ýok. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

ýüzünden ýüz güjük doýjak

Hapysa, çyrşakly.

  • Ýüzüne serediň, ýüzünden ýüz güjük doýjak. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

ýüzüne almak

Tiz kirlemek, çala ýokuşan zat ýüzünde belli bolup durmak.

  • Ak tam azajyk hapany-da ýüzüne alýar. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

ýüzüne atanak çekmek

Peýdasyndan geçmek, terk etmek, hasapdan çykarmak.

ýüzüne basmak

Etmişini, kemçiligini göni ýüzüne aýtmak.

  • Gülsoltany ilden gabanýandygyny, gadymky güni aýallaryň urluşy ýaly urup horlaýandygyny Akgözel ejäniň ýüzüne bazladyp basdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

ýüzüne çiňerilmek

Ýiti-ýiti seretmek, siňe seretmek.

ýüzüne diýmek

Dogrusyny dogry aýtmak, aýybyny ýaşyrmazlyk, kemçiligini özüne aýtmak.

  • Ýeňsäňden gürrüňiňi etmän, ýüzüňe diýerin.

ýüzüne durmak

Günäsine şaýat geçmek, ýüzleşmek.

  • Sudda günäkäriň ýüzüne durdy.

ýüzüne gara çekmek

Kömek etmeli ýerinde görünmezlik, bolgusyz iş etmek, utanmazlyk.

ýüzüne gara sürtmek

Mynasyp bolmadyk iş.

ýüzüne goýmak

seret ýüzüne basmak ýüzüne basmak

  • Gylyç Gajarowyň bar etmişlerini birin-birin ýüzüne goýdy. (N. Pomma, Taýlak hyzzyn)

ýüzüne siňe seretmek

Tanajak bolmak.

ýüzüne tüýkürmek

Nälet aýtmak, näletlemek.

ýüzüne ýüzi düşmek

Biri-birini görmek, biri-birine gözi düşmek.

ýüzüni almak

Gaty-girim söz aýtmak, dalamak, ynjytmak, azgyrylmak, käýemek.

ýüzüni sypamazlyk

Nädogry işi üçin ýüzüni ýuwmazlyk, bimamla hasap etmeklik.

ýüzüni ýere basmak

Äsgermezlik etmek, gulak asman gitmek, öz diýeniňi etmek.

  • Ol gyz olaryň barynyň ýüzüni ýere basdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

ýüzüni ýere bermek

ýüzüni ýere çalmak

Halys masgara etmek, abraýdan düşürmek, biabraý etmek.

ýüzüni ýuwmak

  1. Tarapyny çalmak, biriniň etmişini delile getirjek bolmak.

    • Men kakamyň ýüzüni ýuwamak, ýöne seniň kakaň hem öwerlikli işläp baranok. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

  2. Suwy süýjemek, ýaňy bilip ugramak (üzüm we ş. m. hakda).

    • Halyly eýýäm ýüzüni ýuwup başlapdyr.

ýüzüniň gan-koky ýok

ýüzüniň gany damaýyn diýýär

Semiz, sagdyn.

ýüzüniň gany gaçyk

Gorky, kesel, näsaglyk zerarly ýüzi saralan, ýüzi soluk.

ýüzüniň perdesini syrmak

Paş etmek, üstüni açmak.

ýüzüniň reňki öçmek

Ýüzi ak tam bolmak, ýüzünde reňk-pet galmazlyk.

ýüzüniň ugruna

  1. Gele-gelmäne gelen badyna, gelşine, derrew.

    • Şol halatda ýeňňesi hem siltenjiräp turdy we içini hümledip, ýüzüniň ugruna daşaryk çykyp gitdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)

  2. Gidip barýarka, ýol ugruna, ýolda gidişin.

    • Ýüzüniň ugruna bazara-da degip geçdi.

ýüzüň bir gat hamy gopmak

Gaty erbet utanmak, uýalmak.

ýüzüň düşmek

Arzuw edýän maksadyňa ýetmek, mätäçlikden çykmak, bir zada eýe bolmak.

  • Meniň-de agtyga ýüzüm düşer. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

ýüzüň ganyny gaçyrmak

Gaharyň gelip uruşjak, sögüşjek bolmak.

  • Oňa ýakmaz söz diýdim welin, ýüzüniň ganyny gaçyryp dur.

ýüzüň gyzarmak

Utanyp, ýüzüňe gan ýygnanmak, ýüzüň üýtgemek, utanmak, uýalmak.

  • Weziriň bolsa gaty gahary gelipdir we utanjyna ýüzi gyzarypdyr. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

ýüzüň gyzmak

seret ýüzüň gyzarmak ýüzüň gyzarmak

  • Ýöne weli, Tokar jan, öňürti sapagyňy taýynlamaly, mugallymyn öňünde ýüzüň gyzmaz ýaly, oňa türgenlemeli. (B. Kerbabaýew, Yhlasa-Myrat)

ýüzüň üstünde burnuň bar diýmezlik

Hiç zat diýmezlik, edenine däl diýmezlik.

  • Näme etseň hem indi biz saňa «ýüzüň üstünde burnuň bar» diýmäli -- diýip, sözüne başlady. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

ýüzüňi aşak salmak

Müýnli bolmak, çekinmek, utanmak.

ýüzüňi kese-kese sowmak

Närazylyk bildirmek, dikanlap seretmezlik, öýkelemek.

ýüzüňi sortdurmak

Torsarylmak, nägilelik bildirmek.

  • Ol ýüzüni sortduryp otyr.

ýüzüňi ýokary turmak

Ulumsylyk etmek, gopbamsyramak.

  • Näme beýle ýüzüňi ýokary tutup, görmedik bolup barýansyň? -- diýip, bälçireýän ýaly etdi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)

ýüz ýüz 2 san

100 sifriniň ady we onun mukdary.

  • Ýüz namart bir merdiň ýerini tutmaz. (nakyl)

  • Ýüz goýun tükener, ýüzi garalyk tükenmez. (nakyl)

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem ýüz - ýüzüm, ýüzüň.

ýüz başly öý

Ýüz sany ugy bar bolan öý.

  • Aslynda, ýüz başly dörtganat garaja öý Artygyň ejesine, onuň özüne-de han otagyndan enaýy görünmeýärdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • ýüz-de
  • ýüzde
  • ýüzdemi
  • ýüzden
  • ýüzdenem
  • ýüzdi
  • ýüzdäki
  • ýüzdük
  • ýüzdüler
  • ýüzdüm
  • ýüze
  • ýüzem
  • ýüzi
  • ýüzi-de
  • ýüzje
  • ýüzlem
  • ýüzler
  • ýüzlerde
  • ýüzlerden
  • ýüzlerdi
  • ýüzlere
  • ýüzleri
  • ýüzleri-de
  • ýüzlerim
  • ýüzlerimiz
  • ýüzlerimiň
  • ýüzlerin
  • ýüzlerinde
  • ýüzlerinden
  • ýüzlerindäki
  • ýüzlerine
  • ýüzlerini
  • ýüzleriniň
  • ýüzleriň
  • ýüzleriňizi
  • ýüzleýin
  • ýüzli
  • ýüzlim
  • ýüzlüdi
  • ýüzlügi
  • ýüzlüginde
  • ýüzlüginden
  • ýüzlügine
  • ýüzlügini
  • ýüzlügiň
  • ýüzlük
  • ýüzlükden
  • ýüzlüligi
  • ýüzlülik
  • ýüzmi
  • ýüzmüşem
  • ýüzsüz
  • ýüzsüzdi
  • ýüzüdi
  • ýüzüdir
  • ýüzüm
  • ýüzümde
  • ýüzümden
  • ýüzümdäki
  • ýüzüme
  • ýüzümem
  • ýüzümi
  • ýüzümiz
  • ýüzümizde
  • ýüzümize
  • ýüzümizi
  • ýüzümiziň
  • ýüzümizmi
  • ýüzümiň
  • ýüzün
  • ýüzünde
  • ýüzündedi
  • ýüzündemi
  • ýüzünden
  • ýüzündenem
  • ýüzündäki
  • ýüzüne
  • ýüzünem
  • ýüzüni
  • ýüzüniň
  • ýüzüniňem
  • ýüzüň
  • ýüzüňde
  • ýüzüňden
  • ýüzüňdenem
  • ýüzüňdäki
  • ýüzüňe
  • ýüzüňem
  • ýüzüňi
  • ýüzüňiz
  • ýüzüňizde
  • ýüzüňizden
  • ýüzüňizdäki
  • ýüzüňize
  • ýüzüňizi
  • ýüzüňiziň
  • ýüzüňiň