ýüwürtmek ýü‧würt‧mek işlik

Dokamak üçin erşi gerip, dokma taýýarlamak.

  • Uly bir zat hem däl-le, çalçajyk ýüwürtjek. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Nusga üçin saýlap baglaryň gülün, Dalanyň astynda dokma ýüwürtdi. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -ýär goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýüwürtmek - ýüwürdýär, ýüwürder, ýüwürdipdir.

göwün ýüwürtmek

seret göwün

  • Öz ýanyndan göwün ýüwürdip, obanyň uly gyzlaryny başdan-aýak synlap çykdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Nabat Eje.

  • Göwün ýüwürdip, süýji hyýallara gark bolupdy. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)


Duş gelýän formalary
  • ýüwürden
  • ýüwürdersiň
  • ýüwürdesiň
  • ýüwürdip
  • ýüwürdipdi
  • ýüwürdipdir
  • ýüwürdipdirler
  • ýüwürdiň
  • ýüwürdýän
  • ýüwürdýär
  • ýüwürdýärdi
  • ýüwürdýärdiler
  • ýüwürdýärler
  • ýüwürtdi
  • ýüwürtdim
  • ýüwürtdir
  • ýüwürtjek
  • ýüwürtme
  • ýüwürtmegi
  • ýüwürtmek
  • ýüwürtmeklik
  • ýüwürtmekçi
  • ýüwürtmelerini
  • ýüwürtmesi
  • ýüwürtmäge