ýüplük ýüp‧lük

Mata, haly we ş. m. dokamak, bir zat tikmek üçin pamykdan, erişden egrilip taýýarlanan önüm, sapak.

  • Aýalym bolsa ýüplük egirýär, ol hem az-owlak gazanýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýüplük - ýüplügi.


Duş gelýän formalary
  • ýüplüge
  • ýüplügi
  • ýüplügidir
  • ýüplüginde
  • ýüplüginden
  • ýüplügine
  • ýüplügini
  • ýüplüginiň
  • ýüplügiň
  • ýüplükden
  • ýüplükdir
  • ýüplükler
  • ýüplüklerde
  • ýüplüklerden
  • ýüplüklerdir
  • ýüplüklere
  • ýüplükleri
  • ýüplüklerinden
  • ýüplükleriniň
  • ýüplükleriň
  • ýüplükli