ýüpek ýü‧pek at

  1. Ýörite saklanýan gurçugyň pilesinden emele gelýän önüm.

    • Watan bizden ýüňi, ýüpegi köp talap edýär. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

    • Mama ýüpegiň ujuny düwüji bolup işe başlady. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)

    • Ýüpegi saklasaň--ýüň bolar, gözeli saklasaň -- güň. (nakyl)

  2. Ýüpekden edilen, ýüpekden taýýarlanan.

    • Ýuka ýüpek köýnekli bir gyzyň el bulaýanlygy göründi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Ýüpek ýaglyk başyňda, sende görünmez çabyt. (N. Pomma, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -räk goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem ýüpek - ýüpegi.

ýüpek çekmek

Piläni gaýnadyp uç almak ýüpegi gazanda gaýnadyp ilkinji gezek işlemek.


Duş gelýän formalary
  • ýüpege
  • ýüpegi
  • ýüpeginden
  • ýüpegine
  • ýüpegini
  • ýüpeginiň
  • ýüpegiň
  • ýüpegiňiz
  • ýüpekden
  • ýüpekdi
  • ýüpekdir
  • ýüpekdirem
  • ýüpekler
  • ýüpeklerden
  • ýüpeklere
  • ýüpekleri
  • ýüpeklerini
  • ýüpekleriniň
  • ýüpekleriň
  • ýüpekleýin
  • ýüpekli