Ýüňden, çöpürden we ş. m. işilip, ýük, mal-gara daňmak üçin ulanylýan bag, tanap.
Çep gapyda iki kültem gara ýüp bilen göle hamyndan edilen bir tirkiş asylgy durdy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Gandym düýäni derrew çökerdi, ýüplerini çekip daňyşdyrdy. («Pioner» žurnaly)
Ahyry «ýüp syrylyp, toýnukdan geçer», gelip derňelmän, hiç zat edilmez -- diýip, başga biri jogap berdi. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)
Ýüp syrylyp, toýnukdan geçer. (nakyl)
Haly dokamak üçin ýüňden egrilen sapak, eriş.
Dürli ýüpden haly-horjun dokýarsyň. (N. Pomma, Saýlanan eserler)
Käte çekip garryň igenç -- gepini, Özümiz reňkläp halyň ýüpüni. («Sowet edebiýaty» žurnaly)
Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.
Meselem ýüp - ýüpüm, ýüpüň.
Wada berip, wagtynda gelmezlik, köp garaşdyrmak.
Ynam edip bolmazlyk, jan ynanyp bolmazlyk, bil baglap bolmazlyk.
Onuň ýüpüniň üstünde odun goýup bolmaz -- diýip, bütin oba gürrüň edýärdi. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)