Bir zada ýük urmak, ýük basmak.
Artyk alaşasyny Aşyryň kakasy Sähet golaga tabşyryp, azygyny daýhanlaryň eşeklerine ýükledi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Ol iki sany mähnet meşigi eşege ýükledi. («Sowet Türkmenstanyň aýallary» žurnaly)
Göçme manyda Birine bir zady ýerine ýetirmegi tabşyrmak, bir zady etmäge borçly etmek.
Meniň öňki işimiň üstüne wagtlaýyn ýene bir iş ýüklediler.
seret günä
Şolar ýaly haýynlaryň günäsini bolşewige ýüklemek bolmaz ahyry! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
seret töhmet
Ol meniň boýnuma töhmet ýükläli bäri, men onuň bilen hiç wagt duşuşmadyk bolsam nätjek -- diýip, Wepa jogap berdi. (A. Gowşudow, Eserler)
Bir işi ýerine ýetirmegi birine tabşyrmak.