ýükçi ýük‧çi at

Ýük daşamaga gaýym, ýük götermäge türgenleşen, ýük götermäge ukyply, ýüke werdiş (mal barada).

  • Dogrudan hem ýükçi arwanalaryň ýük çekmekden ýaňa örküjiniň gapdallary ýara bolardy. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimsiz ses bilen başlanýan goşulma ýa-da söz goşulyp, ikinji bogundaky dar i çekimlisi gysga aýdylsa, onda ol dodaklandyrylyp ü ýazylýar.

Meselem ýükçi - ýükçüde, ýükçüler, ýükçüsi.


Duş gelýän formalary
  • ýükçüler
  • ýükçülerimden
  • ýükçüleriň
  • ýükçüleriňi
  • ýükçülik