ýüň ýüň

Haýwanlaryň derisiniň üstündäki ýumşak tüý örtügi.

  • Düýe ýüňünden çäkmenli adamlar aýbogdaşlaryny gurup oturdylar. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Kötek güýçli bolsa, ýüň gazyk ýere gider. (nakyl)

  • Bibi ejesine ýüň tüýdüşdi.

Ýazuw düzgüni

Menlik ýöňkemaniň -üm, -ümiz, senlik ýöňkemäniň -üň, -üňiz goşulmalary goşulýar.

Meselem ýüň - ýüňüm, ýüňüň.

ýüň sakgal bolmak

Başga biri üçin kişiniň öňünde ýalançy bolmak, birini aldap masgara bolmak.

  • Emma hyýallar dünýäsinde ýaşamagy gowy görýän adamlaryň eýýäm ençeme gezek ýüň sakgal bolandyklary mälimdir. («Sowet Türkmenistany» gazeti)

  • Ýa, bu-ha oňarjak-ow, bizi ýüň sakgal etjek-ow! (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

ýüňi ýetmek

  1. Mazaly güýje girmek, jahyl çykmak, ýetişmek.

    • Biziň galalarymyzda ýigrimi bäş ýaşy dolduryp, ýüňi ýeten goç ýigitler her gün gijara galanyň bir gapdalyna ýygnanyşýardylar. (A. Gowşudow, Powestler we hekaýalar)

  2. Ýetjek derejesine ýetmek, barmaly hetdine barmak, bahasy ýetmek.

    • Ylaýta-da, Gulluhanyň ýüňi ýetdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

    • Mamanyň ýüňi ýetdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)


Duş gelýän formalary
  • ýüňde
  • ýüňden
  • ýüňdendir
  • ýüňdäki
  • ýüňe
  • ýüňem
  • ýüňi
  • ýüňler
  • ýüňlerden
  • ýüňlere
  • ýüňleri
  • ýüňleridir
  • ýüňlerinden
  • ýüňlerine
  • ýüňlerini
  • ýüňleriniň
  • ýüňleriň
  • ýüňli
  • ýüňlülik
  • ýüňsüz
  • ýüňüdir
  • ýüňümi
  • ýüňümiz
  • ýüňümizi
  • ýüňümiziň
  • ýüňün
  • ýüňünde
  • ýüňünden
  • ýüňüne
  • ýüňüni
  • ýüňüni-de
  • ýüňüniň
  • ýüňüçe
  • ýüňüň
  • ýüňüňizi
  • ýüňüňiziň