Kömekçi işlik funksiýasynda ysnyşyp gelýän işligi bilen birlikde gymyldynyň dowamlylygyny, çylşyrymly häzirki zamany görkezýär.
Şagal dost, bar aýt, şol garryja aýal ýalan sözläp, agzyna gelenini ýaňrap ýörmesin. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)
Güýz guzlasa, örän gowy ýilik ýaly gatygyny iýer-de ýöreris, eje. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)
Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.
Meselem ýörmek - ýördüm, ýördüň, ýörüpdir.