Köp tutulýan, köp ulanylýan, köp agzalýan.
Garanyň «batyr» lakamyndan «çomak» lakamy halk arasynda has ýörgünlidir. («Edebiýat»)
Ýüreginde bolan islege garşy il arasynda onuň «Allaýar tulum» lakamy ýörgünlidi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)
Şol 1949-njy ýylda bolan waka henize çenli-de il arasynda ýörgünli gürrüň bolup galypdyr. («Tokmak» žurnaly)