ýöremek işlik

  1. Endigan ädim ädip hereket etmek, ýol geçmek.

    • Olar her wagt burunlaryny açyp, hemişekileri ýaly parahat ýöreýär. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)

    • Ýaňky tilkijik ýol ýöräp barýarka, bir tanyş tilkä duşupdyr. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)

    • Ýoly ýörän ýeňer, işi- ýapyşan. (nakyl)

  2. Herekete gelmek, işläp başlamak, işlemek.

    • Otly ýuwaş-ýuwaşdan ýöräp ugrady.

  3. Görkezilen ugur, düzgün boýunça hereket etmek.

    • Seniň bellän ýoluň bilen düz ýöräp, Watnmyzy gülüstana öwürdik. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)

  4. Göçme manyda Organizme güýçli täsir edip ýaýramak (ary, ýylan we s. m. zäheri hakda).

    • Halk arasynda: -- Içýanyň zäheri sary adama gaty ýöreýär -- diýilýär.


Duş gelýän formalary
  • ýöredi
  • ýöredi-de
  • ýöredigimiz
  • ýöredik
  • ýöredikçe
  • ýörediler
  • ýöredim
  • ýörediňiz
  • ýöregin
  • ýörejegimizi
  • ýörejegini
  • ýörejek
  • ýöreme
  • ýöreme-de
  • ýöremedi
  • ýöremedim
  • ýöremegi
  • ýöremegine
  • ýöremegini
  • ýöremegiň
  • ýöremejegine
  • ýöremek
  • ýöremekde
  • ýöremekden
  • ýöremekdir
  • ýöremeklige
  • ýöremekligi
  • ýöremekligiň
  • ýöremeklik
  • ýöremekçi
  • ýöremelerini
  • ýöremeli
  • ýöremelidi
  • ýöremelidigi
  • ýöremelidigini
  • ýöremelidiginiň
  • ýöremelidir
  • ýöremese
  • ýöremeseň
  • ýöremesi
  • ýöremesini
  • ýöremez
  • ýöremezden
  • ýöremezdi
  • ýöremezligi
  • ýöremezliginiň
  • ýöremezligiň
  • ýöremeýän
  • ýöremeýänini
  • ýöremeýär
  • ýöremeýärdi
  • ýöremäge
  • ýöremän
  • ýöremändiler
  • ýöremänem
  • ýöremäni
  • ýöremänim
  • ýöremänsoň
  • ýörese
  • ýörese-de
  • ýöresegem
  • ýöresek
  • ýöresem
  • ýöresemem
  • ýöresene
  • ýöreseň
  • ýöreseňem
  • ýöreseňiz
  • ýöresin
  • ýöreýän
  • ýöreýändigi
  • ýöreýändikleri
  • ýöreýändiris
  • ýöreýänime
  • ýöreýänimi
  • ýöreýäninden
  • ýöreýänine
  • ýöreýänini
  • ýöreýänler
  • ýöreýänleri
  • ýöreýänligindenmi
  • ýöreýär
  • ýöreýärdi
  • ýöreýärdiler
  • ýöreýärdim
  • ýöreýärler
  • ýöreýärmi
  • ýöreýärsiň
  • ýöreýärsiňiz
  • ýöräbem
  • ýöräli
  • ýöräliň
  • ýörän
  • ýörände
  • ýöränden
  • ýörändir
  • ýöräne
  • ýöränem
  • ýöräni
  • ýöränim
  • ýöränimden
  • ýöränimizden
  • ýöränimizi
  • ýöräninde
  • ýöräninden
  • ýöränini
  • ýöräniň
  • ýöräniňde
  • ýöräniňden
  • ýöräniňizden
  • ýöränler
  • ýöränlere
  • ýöränleri
  • ýöränlerinde
  • ýöränlerinden
  • ýöränlerini
  • ýöränleriň
  • ýöränligi
  • ýöränok
  • ýöränokdy
  • ýöränoklar
  • ýöränsoň
  • ýöräp
  • ýöräpdi
  • ýöräpdir
  • ýöräpdirler
  • ýöräpjik
  • ýörär
  • ýörärdi
  • ýörärdik
  • ýörärdiler
  • ýörärdim
  • ýöräre
  • ýörärin
  • ýörärler
  • ýörärsiň
  • ýörärsiňiz
  • ýöräsi
  • ýöräýen
  • ýöräýin
  • ýöräýmeli
  • ýöräýseler
  • ýöräýsem
  • ýöräň