[ýö:nekeý]
Düşünmegi kyn bolmadyk, aňsat, sada.
Ol hatda öziniň ýönekeý wäşi sözlerine-de ynam etmän, men adatdan daşary warsaky, bijaý sözler uraýdym öýdýän diýip, özünden özi ejap edýän wagtlary hem bolýardy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)
Ulumsy däl, açyk göwünli, kiçi göwünli, sada.
Biz bir ýönekeý adamlardyrys, şöhratly hanym! (A. P. Çehow, Saýlanan eserler)
Beýlekilerden tapawutlanmaýan, beýlekilerden üýtgeşik bolmadyk.
Meniň edil özüňiz ýaly, ýönekeý daýhan gyzy bolup işläsim gelýär. (G. Muhtarow, G. Seýitliýew, Bagbanyň gyzy)
Ol diňe iňrik garalandan soň, ýaragyny şol ýerde gizläp, ýönekeý şäher adamsy sypatynda göni türmä bardy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Adaty hakyky.
Meniň ýönekeý adymy tutaýyň! (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
Çylşyrymly bolmadyk, sada.
Bu maşyn ýönekeý, sada maşyn däl, Beýlekiler ýaly ýörese-de ýol. (A. Kekilow, Saýlanan eserler)
Olar ýönekeý çatmalarda ýa-da garaňky gowaklarda ýaşapdyrlar. (Gadymy dünýä taryhy)
Grammatik termin seret sözlem