[ýö:ne]
Mugt, pulsuz, peşgeş.
Bu kitaby men saňa ýöne berýärin.
Keýpine, peýwagtyna, biderek, sebäpsiz.
Onuň gamyşlaryň arasynda gizlenip durmagy ýöne ýerden däldir. («Mydam taýýar» gazeti)
«Emma, weli» diýen manylary aňladýan, garşylygy görkezýän baglaýjy.
Ýöne weli, garry kitabynyň tapylgysyz gowudygyny mensiz hem bilýärdi. (N. Saryhanow, Saýlanan eserler)
Ýöne ikimiz iýjek bolsak, agzymyza ýok hem bolmaz. («Türkmen halk ertekiler ýygyndysy»)