üznüksiz

Arasy üzülmän, dyngysyz, birsyhly.

  • Aýsoltanyň üznüksiz sowal-jogaby Begenji biraz öwrenişdirdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

  • Ol şelaýynlyk bilen üznüksiz gülýärdi. (A. Gowşudow, Saýlanan eserler)

  • Ol elindäki dürbüsi bilen üznüksiz garaýardy. (A. Gowşudow, Mähri-Wepa)


Duş gelýän formalary
  • üznüksizdigini
  • üznüksizdir
  • üznüksizdirler
  • üznüksizligi
  • üznüksizligidir
  • üznüksizliginde
  • üznüksizliginden
  • üznüksizligine
  • üznüksizligini
  • üznüksizliginiň
  • üznüksizligiň
  • üznüksizlik
  • üznüksizlikde