üzmek 1 işlik

  1. Bir zady ýolmak, ýolup böleklere bölmek, ýolup aýyrmak (ýüp, ýüplük we ş. m. hakda).

  2. Ýolup almak, ýolmak.

    • Aýsoltanyň gowaça ýapragyny üzüp, ysgap duranyny gören Begenç, oňa hyrydar seretdi. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

    • Aýlar okan hatyn basyp bagryna, Bägülüň gunçasyn ysgady, üzdi. (B. Kerbabaýew, Aýlar)

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem üzmek - üzdüm, üzdüň, üzüpdir.

içini üzmek

seret

  • Mallar ýorunjanyň içini üzüpdir.

ömrüni üzmek

seret ömür

örküni üzmek

seret örk

  • Hatda onuň ýerden örküni üzenini hem saýgarman galdy. (B. Kerbabaýew, Aýsoltan)

üzmek 2 işlik

Bergiň baryny bermek, borjuňy bergi hasaplaşmak.

Ýazuw düzgüni

Ýöňkeme bilen üýtgände ikinji bogunda ü eşidilen ýerinde ýazylýar.

Meselem üzmek - üzdüm, üzdüň, üzüpdir.


Duş gelýän formalary
  • üzdi
  • üzdi-de
  • üzdügim
  • üzdük
  • üzdüler
  • üzdüm
  • üzeliň
  • üzem
  • üzen
  • üzende
  • üzendigi
  • üzendigini
  • üzeni
  • üzenleri
  • üzenligi
  • üzensoň
  • üzer
  • üzerden
  • üzere
  • üzeri
  • üzerin
  • üzeris
  • üzerli
  • üzersiň
  • üzesi
  • üzjek
  • üzleri
  • üzlerinde
  • üzlük
  • üzme
  • üzmedi
  • üzmedigini
  • üzmedik
  • üzmegi
  • üzmegine
  • üzmegini
  • üzmegiň
  • üzmek
  • üzmekde
  • üzmekden
  • üzmeklige
  • üzmekligi
  • üzmekligiň
  • üzmeklik
  • üzmeli
  • üzmelidigini
  • üzmesem
  • üzmezden
  • üzmezlige
  • üzmezligi
  • üzmezlik
  • üzmeýär
  • üzmeýärdi
  • üzmäge
  • üzmän
  • üzmändir
  • üzmäniň
  • üzmänligi
  • üzmäň
  • üzse
  • üzsek
  • üzsem
  • üzseň
  • üzseňiz
  • üzäýiň
  • üzäýjek
  • üzäýmek
  • üzäýmeli
  • üzübem
  • üzüp
  • üzüpdi
  • üzüpdir
  • üzüpdirler
  • üzüň
  • üzýän
  • üzýänçä
  • üzýär
  • üzýärdi
  • üzýärdiler
  • üzýärler