üzüm ü‧züm

Hoşaly süýji miwe getirýän we miwesinden çakyr, kişmiş etmek üçin peýdalanylýan çyrmaşagan bakja ösümligi we onuň miwesi.

  • Iýmişsiz agaçlary üzüm şahalary büreýär. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  • Galan ýeriň köpüsini üzüm agaçlary tutýardylar. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)

üzümiň suwy ýaly

Içen suwy alkymyndan görünýän, öz mähri bilen özüne çekiji, mylakatly, görmegeý (aýal maşgala hakda).

  • Görsene muny, edil üzümiň suwy ýaljak, ezip içäýmeli. («Sowet edebiýaty» žurnaly)


Duş gelýän formalary
  • üzümde
  • üzümden
  • üzümdir
  • üzüme
  • üzümem
  • üzümi
  • üzümimiz
  • üzümini
  • üzümiň
  • üzümiňi
  • üzümiňizi
  • üzümler
  • üzümlerde
  • üzümlerden
  • üzümleri
  • üzümleridir
  • üzümlerimiň
  • üzümlerinden
  • üzümlerine
  • üzümleriniň
  • üzümleriň
  • üzümleriňiz
  • üzümli
  • üzümlige
  • üzümligiň
  • üzümlik
  • üzümmi