üçburçlyk üç‧burç‧lyk

Geometriýa Biri-birini kesip geçýän çyzyklaryň netijesinde üç sany içki burç emele gelýän geometrik figura.

  • Üçburçluklaryň meňzeşliklerinden taraplaryň proporsionallygy gelip çykýar. («Fizika» kursy)

  • Biziň çaknyşjak meýdançamyz eýlesi-beýlesi düzüw üçburçluk diýen ýalydy. (M. Ý. Lermontow, Biziň zamanymyzyň gahrymany)

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem üçburçlyk - üçburçlygy.


Duş gelýän formalary
  • üçburçlyga
  • üçburçlygy
  • üçburçlygynda
  • üçburçlygyndan
  • üçburçlygynyň
  • üçburçlygyň
  • üçburçlykdaky
  • üçburçlykdan
  • üçburçlyklar
  • üçburçlyklara
  • üçburçlyklardan
  • üçburçlyklary
  • üçburçlyklaryň
  • üçburçlykly