özbaşdak

[ö:zbaşdak]

  1. Beýlekilerden aýry, hiç kime bagly bolmadyk, garaşsyz.

    • Feodallar doly özbaşdak bolmaga çalyşypdyrlar. (Orta asyrlar taryhy)

    • Mehinli indi özbaşdak bir hojalygyň eýesi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)

  2. Özüçe hereket edýän, öz güýjüne daýanýan, öz kellesi bilen işlemegi başarýan.

    • Ol özbaşdak adam diýip aýdýarlar. («Sowet edebiýaty» žurnaly)

  3. Öz güýjüň bilen, ýekelikde, aýratyn.

Ýazuw düzgüni

Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, sözüň soňundaky dymyk çekimsiz degişli açyk çekimsizine öwrülýär.

Meselem özbaşdak - özbaşdagy.


Duş gelýän formalary
  • özbaşdakdy
  • özbaşdakdygyny
  • özbaşdakdyr
  • özbaşdakly
  • özbaşdaklyga
  • özbaşdaklygy
  • özbaşdaklygymyzy
  • özbaşdaklygyna
  • özbaşdaklygynda
  • özbaşdaklygyndan
  • özbaşdaklygyny
  • özbaşdaklygynyň
  • özbaşdaklygyň
  • özbaşdaklygyňy
  • özbaşdaklyk
  • özbaşdaklykda
  • özbaşdaklykdan
  • özbaşdaklylygyny